logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Täsirli söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri «Altyn asyr:Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda teleýazgy etdiler. Hünärmenler çykyşlarynda: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda her bir günümiziň täze ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýändigini nygtamak bilen, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli geçiriljek çäreler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän uly taýýarlyklar hakynda söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy bilen gutladylar.