logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Täsirli söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli söhbetdeşlik guradylar. Hünärmenler çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýola nazar aýlap, gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, şeýle hem, her bir ulgamyň bu baýrama zähmet üstünlikleri, sowgatlary bilen barýandygy, Döwlet kitaphanasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, gurnaljak göçme sergiler, söhbetdeşlikler hakynda täsirli çykyşlar etdiler. Kitaphana hünärmenleri çykyşlarynyň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.