logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÄZE BASGANÇAKDA ÇAGA TERBIÝESI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýylar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, ýagny çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak maksady bilen «Täze basgançakda çaga terbiýesi» atly ussatlyk sapagyny geçirdi.

Kitaphana hünärmeni ýaş kitapsöýüjüleriň arasynda söýgüli kitaplarynyň esasynda çeper okaýyş hem-de sorag-jogaply bäsleşik geçirdi. Bu hem öz gezeginde ýaş nesilleriň özbaşdak okan kitaplarynyň many-mazmunyna düşünmeklige hem-de kitap okamaklygyň medeniýetini özlerinde kämilleşdirip kitap bilen dostlaşmaklyga itergi berdi. Kitabyň adamzat durmuşynda tutýan orny, ynsanyň iň ýakyn dostunyň kitaplygy baradaky kitaphana hünärmeniniň dürli nakyllaryň we hekaýalaryň üsti bilen beren gürrüňlerini ýaş nesiller uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Ussatlyk sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleri Watanymyzyň daýanjyna deňäp, okamaga, öwrenmäge, bagtyýar durmuşda bilim almaga uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.