logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÄZE GELEN ERTEKI KITAPLAR BILEN TANYŞMAK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75–nji çagalar bagynda “Täze gelen erteki kitaplar bilen tanyşmak!” atly sesli okaýyş geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni täze gelen erteki kitaplar barada çagalar bilen gyzykly gürrüňler geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda körpeler täze gelen erteki kitaplary uly gyzyklanma, uly höwes bilen okadylar. Çagalar öz halaýan ertekilerinden gahrymanlaryny häsiýeti boýunça goşgularyň üsti bilen aýdyp berdiler. Kitaphananyň hünärmeni ertekiler barada çagalar bilen gyzykly sorag jogaplary alyşdy. Söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýeti gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi.