logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÄZE GELEN KITAPLARA KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme Täze gelen kitaplara kitaphana syny geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme täze gelen we awtoryň öz gollary bilen sowgat berlen kitaplary okyjy köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda täze gelen kitaplaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyryp okyjy köpçüligine ýetirildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.