logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÄZE GELEN KITAPLARA KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler ”Ylym” neşirýaty tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen A.Agajanowyň “Materiallary işläp bermegiň häzirki zaman usullary”, J.Annyýewiň “Konstruksion materiallar we tehnologik enjamlar”, W.Çopanowyň “Gazturbina desgalarynyň synagdan geçirilişi” atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplar tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem maşyngurluşyk kärhanalarynyň inžener-tehniki işgärleri üçin niýetlenendigini mälim etdiler.
Kitaphana synyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.