logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÄZE GELEN METBUGAT NEŞIRLERINE SYN

TÄZE GELEN METBUGAT NEŞIRLERINE SYN

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda zenanlarymyza uly sarpa goýulýar. Ýakymly ýazyň ilkinji günlerinde halkara zenanlar gününiň bellenmeginde çuň many bar. Gyz-gelinlerimiziň bahar gülleriniň näzikligine, ýaşyl ýaýlalaryň gözelligine deňelýändiginiň, meňzedilýändiginiň nyşany bu. Halkara zenanlar gününiň ýurdumyzda ulydan bellenilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan «Täze gelen metbugat neşirlerine syn» atly kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynyň dowamynda ýurdumyzda zenanlarymyza goýulýan sarpa, döredilip berilýän mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Zenanlarymyza uly sarpa goýýan, ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.