Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen kitaphana synynda çykyş edenler, Özbegistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň Döwlet kitaphanasyna sowgat beren özbek dilinde neşir edilen, “Görogly” atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Bu kitapda Rahmatulla şahyr Ýusuf oglunyň dilinden ýazga geçirilen 27 sany dessanyň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Dessanlarda rowaýata öwrülen halk gahrymanynyň dünýä inişi, onuň batyrlyk bilen geçen ýaşlygy, başdan geçiren söweşleri, erkinlik ülkesi bolan Çambyl şäheriniň gurulmagy, onuň perzentleriniň – Hasanhanyň we Awazhanyň Çambyla getirilmegi, olaryň gahrymançylyklary söýgi we wepalylyk, ata-ene hormaty, doganlyk, dostluk hem-de Watana bolan söýgi temalarynyň beýan edilýändigini mälim etdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.