logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÄZE ÝYL-NURANA ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Täze ýyl-nurana arzuwlaryň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary, aýdym-sazly konsertler geçirilýär. Dünýä giňişliginde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar. Ýakymly pursatlara beslenýän baýramçylyk ynsan kalbyny şatlykdan dolduryp, adamlaryň ruhybelentligini artdyrýar. Şu ajaýyp arzuwlar mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem körpeje çagalar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu ýerde çagalar baýramçylyk mynasybetli goşgulary, aýdymlaryny, ertekilerini uly buýsanç bilen aýdyp berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda körpe nesillerimiz üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.