logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÄZE ÝYL-PÄK ARZUWLARYŇ BAÝRAMY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Täze ýyl-päk arzuwlaryň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden baýram edilen 2025-nji ýyl öz ornuny döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek täze–2026-njy ýyla berýär. Watanymyzyň döwlet berkararlygynyň goşa ganatyna öwrülen bu iki gymmatlyk täze ýylyň şygarynda hem aýdyň beýanyny tapdy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygary uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Ine şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy ösüşüň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.