Täze ýyl baýramçylygyny şatlyk-şowhunly garşylamak, maşgala agzalary bilen agzybirlikde baýram etmek, baýramçylyk günlerinde medeniýet ojaklarynda bolup, medeni dynç almak ruhy dünýämiziň asylly däpleridir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň teatrlarynyň hem-de sirkleriniň döredijilik toparlary bagtyýar watandaşlarymyz üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar. Bu şatlykly günlerde teatrlarymyzyň hem sirklerimiziň myhmanlary bolýan bagtyýar watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk, şeýle hem Japbaklar, Ýartygulak, Akpamyk, akylly Ahmet, Mämetjan ýaly meşhur ertekileriň we milli senenamanyň müçe ýyllarynyň gahrymanlary garşylarlar. Olar bilen surata düşmek çagalar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Zehinlije çagalar Aýazbabadan alkyşlary hem süýjilik toý paýlaryny alarlar.
Ýurdumyzyň teatrlarynda hem sirklerinde baýramçylyk sahna oýunlarydyr tomaşalary dekabr aýynyň 26-syndan – 31-ine çenli her gün sagat 19.00-da, çagalar üçin baýramçylyk tomaşalary bolsa gündiz 11.00-de, 12.00-de we 14.00 başlanar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda 26-nji dekabrda «Gülki agşamy» atly atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa, 27-sine we 28-zine «Gelin gelýär» atly şadyýan sahna oýny, 29-yna we 30-na aýdym-sazly, «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşa görkeziler.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry öz muşdaklaryna dekabr aýynyň 26-sy-31-i aralygynda «Täze ýylyň jadyly sandygy» hem-de «Täze ýyl degişmeleri» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalary teatr muşdaklaryny garşylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry öz tomaşaçylaryna dekabr aýynyň 26-syna «Ak arzuwly Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşasy, 27-sine we 28-zine «Täze ýyl geldi, bagt serpaýyn eçilip!» atly aýdym-sazly, degişmeli tomaşany, aýyň 29-na «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» atly simfoniki orkestriniň konserti (dirižýory T.Ataýew), 30-na hem 31-ne bolsa «Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, degişmeli tomaşalar gurlar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry dekabr aýynyň 28, 29,30 hem-de 31-ne «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, gülküli tomaşany bagtyýar ýaşlara baýramçylyk sowgady eder. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny dekabr aýynyň 27-sine «Çagaly öý bazar», 28-ine «Jüýteniň toýy», 29-na «Çagaly öý bazar», 30-yna hem 31-ne «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa bilen begendirer.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry hem Täze ýyl baýramy mynasybetli 26-syna «Sekiz mährem zenan», 27-sine «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny, 28-zine çagalar we ýetginjekler üçin «Aýaz baba we Gar şazenany» atly sahna oýnuny, 30-na «Myhmançylykda» atly sahna oýnyny 31-ne «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülkili baýramçylyk tomaşalary bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýat teatrlarynda baýramçylyk sahna oýunlary hem-de tomaşalary sungat muşdaklaryna hödürlener.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Şowhunly tomaşa!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülküli tomaşa, 28-ine «Saňa ýalan, maňa çyn» atly sahna oýny, dekabryň 30-na hem 31-ne «Gutly bolsun, Täze ýylyňyz!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen öz myhmanlaryny garşy alar.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry baýramçylyk mynasybetli dekabr aýynyň 27-sine we 28-zine «Gülki sowgady», 29-na we 30-zyna «Buşluk, Täze ýyl geldi!» atly teatrlaşdyrylan, hem- atly aýdym-sazly degişmeli tomaşalary hödürlär.
Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Aýdym-sazly gülküli agşamy», 28-ine «Gülki sowgady», 30-na «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez», 31-ne bolsa «Her çemenden bir gunça» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşalary bilen sungat muşdaklaryny begendirer.
Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-si–31-i aralygynda «Hoş geldiň täze ýyl, salam, Täze ýyl», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 26-syna we 27-sine çagalar üçin «Altyn jüýje», 28-zine «Bildiriş» atly sahna oýunlary, 30-yna we 31-ne bolsa «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen tomaşaçylary begendirerler.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň sirkleri hem täze tomaşalar taýýarlap, sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirer. Türkmenistanyň döwlet sirkinde dekabr aýynyň 26-sy – 30-y aralygynda «Täze ýylyň öwüşginleri» atly ýörite sirk tomaşasyny, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täsinlikleri söýýän sungat muşdaklaryna ««Täze ýylyň şatlygy» atly sirk tomaşasynyň görkezilýär.
Mundan başga-da, şatlyk-şowhuna, täze başlangyçlara beslenip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sungat aşyklary üçin ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzy durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdymlary belentden ýaňlanar.
Görnüşi ýaly, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde sahna oýunlary, sirk tomaşalary bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenmegi özboluşly baýramçylyk toý sowgady bolar.
Agamyrat Baltaýew,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.