logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÄZE ÝYLYM, BAGTYŇ BADY BOLUP GEL!

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet cagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Täze ýylym, bagtyň bady bolup gel!» atly söhbetdeşlik geçirdi. Eziz diýarymyza gülüp gelýän ýyllaryň her birini döwrüň ruhuna kybap gelýän atlar bilen yglan etmeklik indi asylly däbe öwrüldi. 2026-njy ýyly diýip «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi ähli ildeşlerimizde aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy geljekgi üstünliklere ynamy artdyrýar. Çünki halkymyz bedewlere hemişe-de rowaçlyklaryň, okgunly ösüşleriň nysany hökmünde garapdyr. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öne alyp barýan Gahryman Arkadagymyza peder voluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri hem beýan edildi.