logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYK-ŞOWHUNY, BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň Baş arçasynyň ýanynda «Täze ýylyň şatlyk-şowhuny, bagtyýarlygyň şuglasy» ady bilen çagalar baýramçylygy geçirildi.

Çärede ösüşiň täze menzillerini gujagyna alyp gelýän ýene-de bir ösüşli ýyl bolan 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylyň şanyna baýram edilýän Täze ýyl dabaralarynyň şüweleňi uludan-kiçä baýramçylyk ruhubelentligini bagyş edýändigi, eziz diýarymyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygyny uly joşgun bilen garşy alynanlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de asuda Watanymyzda çagalaryň göwün göteriji şadyýan gülki sesleri, joşgunly aýdym-sazlary, goşgulary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.

Goý, şeýle ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim almaga, halal zähmet çekmäge, bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, çagalaryň baýramçylyklary has täsirli geçirmekleri üçin taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Täze ýyl ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da beýige galdyrýan ýyllaryň biri bolsun!