logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÄZE ÝYLYŇ ŞOWHUNY GURŞAP ALÝAR ÇAR ÝANY

Ýakynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Jennet Orazowa hem-de şol mekdebiň 1-nji “G”, 4-nji “Ç” synpyň göreldeli okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan teleýaýlymynyň gurnamagynda “Täze ýylyň şowhuny gurşap alýar çar ýany” atly täze ýyl mynasybetli Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän “Gül zemin” söwda merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Toý baýramly ata ýurdumyz Türkmenistan şu günlerde Täze ýylyň köp öwüşginli lybasyna beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde owadan hem belent arçalar oturdylyp, baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen arça agajynyň daşynda şadyýan çagalar Aýazbaba bilen Garpamygyň gelmegine garaşyp, taze ýyly wasp edýän goşgydyr aýdymlar aýtdylar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Jennet Orazowa geçip barýan 2025-nji ýylyň üstünlikli ýylyň biri bolandygyny, okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýylymyzyň şygary bilen baglylykda ilkinji okuw sapaklaryny dostluk, doganlyk, parahatçylyk sapagy bilen başlandygyny, şeýle hem mekdep müdiriniň goldamagynda, meýilnamadan daşary çärelere zehinli, göreldeli mekdep okuwçylarynyň uly höwes bilen gatnaşyp üstünlikli gelýändiklerini gürrüň berdi. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni çagalar bagyndan başlap mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýändiklerini, “Çaglarda kitaba bolan söýgini” döretmekde, türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen bilelikde aýdym-sazly döredijilik duşuşyklaryny gurnaýandygyny gürrüň berdi.

Ertekileri ýada salýan, ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap hakydasynda galjak täze ýyl baýramyna bagtyýar halkymyz uly zähmet ýeňişleri, zähmet sowgatlary bilen, ylaýtada ýaş nesillerimiz predmet sapaklary boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, döwlet derejesinde hem dünýä ýurtlarynda türkmen baýdagyny parladyp uly ýeňşler bilen sowgatly geldiler. Bu ýyl hem ýene bir üstünlikli, rowaçlyklara beslenen ýyllaryň biri boldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, külli türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarys. Goý Täze ýyl halkymyza rowaçlyklary, şanly seneleri bagş etsin!