Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli köklere daýanýan medeniýetini we sungatyny täze belentliklere götermekde, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem mukaddes Garaşlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, watanperwerligine, parahatsöýüjigine, halkymyzyň bagtyýarlygyna, üýtgewsiz ruhy gymmatlyklar bolan ýokary ahlaklylyga, adamkärçilige, hoşniýetlilige şeýle hem täze zamanamyzda gazanylýan beýik zähmet üstünliklerini belentden wasp edýän, gündelik durmuşyň şanly wakalaryna bagyşlanan, halkymyzyň milli ruhuna mahsus täze sahna eserleriniň döredilmegini gazanmakda hem-de ýurdumyzyň teatr artistlerini höweslendirmekde yzygiderli geçirilýän halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň hem ähmiýeti uludyr.
Golaýda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwaly geçirildi. Bilşimiz ýaly, Aktau şäheri 2025-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň –TÜRKSOÝ-yň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemek gerek. Çünki TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreleri türki halklaryň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalyna Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde türkmenistanly teatr artistleri Ç.Işangulyýewiň hem-de A.Berdiýewiň pýesasy esasynda Ö.Galandarowyň sahnalaşdyran «Baýram han Türkmen» atly drama eserini görkezdiler.
Bu sahna oýnunda XVI asyrda Hindistanda Babyr soltan tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletinde «Hanlar hany» hormatly döwlet derejesine eýe bolan Baýram hanyň başdan geçiren gahrymançylyklary, ussat serkerdäniň öz şygyrlarynda beýan edýän maglumatlaryň esasynda janlandyryldy.
Baýram hanyň ýaş nesillere bagyşlan watanperwelik şygyrlaryny teatr muşdaklary orunlaryndan ör turup, dowamly el çarpyşmalary bilen kabul etdiler.
Netijede teatryň döredijilik topary halkara teatr festiwalyň ýokary baýragyna «Sahna oýnunda milli medeniýeti iň gowy dabaralandyrandygy üçin» atly baýraga, festiwalyň Kubogyna hem-de TURKSOÝ-yň Hormat hatyna mynasyp boldular.
Halkara teatr festiwalyna Azerbaýjan Respublikasynyň Seki welaýatynyň döwlet teatry «Dar agajy», Wengriýanyň Bekeşçaba şäher döwlet drama teatry «Segsen bedre howa», Gazagystanyň Mangistau oblastynyň H.Žanturin adyndaky sazly drama teatry «Görogly», Gyrgyz Respublikasynyň T.Abdymamunow adyndaky baş akademiki drama teatry «Soňky hat», Türkiýe Respublikasynyň Bursa döwlet drama teatry «Rawy we Jellat», Özbegistanyň milli akademiki sazly drama teatry «Abyl we Kabyl» atly sahna oýunlary bilen gatnaşdyrlar.
Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna–TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli boljak ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara ýokardaky ady agzalan döwletleriniň sungat we medeniýet işgärlerinden başga-da Täjigistanyň, Gagauziýanyň belli režissýorlary hem-de dramaturglary, teatr sungatyny öwreniji alymlary gatnaşdylar.
Festiwalyň çäginde görkezilen teatr egin-eşikleriniň, dekoratiw-bezeg gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlaryna degişli eserleriň sergilerine-de giň orun berildi.
Halkara festiwalynyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew gatnaşdy hem-de ol TURKSOÝ-yň Hormat haty bilen sylaglandy.
Ýurdumyzdan wekilçilik eden sungat we medeniýet işgärleri festiwalyň çäklerinde Hazar deňziniň gazak kenarynda ýerleşýän Aktau şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler. Şäheriň gözellikleri sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny has-da joşdurdy.
Bu halkara teatr festiwalynyň ýokary baýragyna mynasyp bolan balkanly teatr artistleri dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu sungat baýramynyň köňülleri birleşdirýändigini, birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn belläp, özlerine şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarlar.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy