logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Teatryň halkara üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli teatr sungatymyz halkara ülňülerine laýyklykda ösýär, kämilligiň täze belentliklerine ýetýär. Sahna oýunlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan kuwwatly güýji dabaralandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, milli teatr sahnalarymyzda dünýäniň nusgawy drama eserlerini sahnalaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlarymyzy beýik watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli baýlyklarymyza, şöhratly pederlerimiziň nurana ruhlaryna ygrarly bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Teatr sahnalarynda umumadamzat gymmatlyklarynyň göwher gaşyna öwrülen milli baýlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar hem-de milli teatr sungatymyzyň, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, 2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-31-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Moskwa şäherinde belli rus ýazyjysy we dramaturgy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Melihowanyň bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry hem gatnaşdy. Teatryň döredijilik topary ýaş režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» («Чеховские водевили») sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna oýnunyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen bezelýär. Oýnuň sahna bezegindäki çeperçilik çözgütleri ynsanyň ýaşaýşa bolan söýgüsini joşdurýar, nesilme-nesil aşyp gelýän maşgala mukaddesliklerini dabaralandyrýar. Türkmen teatrynyň halkara sungat baýramyna işjeň gatnaşmagy milli sahna sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik berdi. Türkmen sahna ussatlarynyň rus dilinde oýnan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasan hem, sahna oýnunyň režissýorlyk kämilligi aýratyn baha eýe boldy. Bu halkara festiwalyna 10-dan gowrak döwletden 27 sahna oýny gatnaşdy.

Türkmen teatr artistleri mundan başga-da, festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahna oýunlarynyň ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar. Döredijilik duşuşyklarynda türkmen hünärmenleri hem çykyş edip, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, şeýle hem, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyzda hem-de sirklerimizde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanýan abraýly ýeňişleri barada çykyş edip wideoşekilli görnüşleri görkezdiler.

Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde, berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi.

Moskwada geçirilen bu sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy.

Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna gatnaşmaga, sungat we medeniýet işgärleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi daşary döwletlerde wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň binýadynyň has-da berkemegi, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin.