logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Tebigat biziň öýümiz

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderäniň “Demirýolçy” çagalar sagaldyş merkezinde, tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda “Tebigat biziň öýümiz” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Türkmenistanyň tebigaty – baý we özboluşly. Häzirki wagtda ýurduň çäginde biodürlüligiň, esasan hem, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny dikeltmek boýunça işleri amala aşyrýan döwlet tebigy goraghanalary bar. Türkmenistan döwleti BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologiýa meseleleri boýunça dünýä möçberindäki kepilnamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky konwensiýalara ilkinjileriň biri bolup goşuldy. Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri körpeje kitapsöýüjilere täsirli gürrüňleri berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda salkyn saýaly jülgelerde dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary edýän etdiler.