logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TEBIGAT GÖZELLIGI – ABADANÇYLYGYŇ GÖNEZLIGI

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Tv4 Türkmenistan teleýaýlymynyň gatnaşmagynda wagtyny sapaly geçirýän çagalaryň arasynda «Tebigat gözelligi – abadançylygyň gönezligi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere ata Watanymyzy, ene topragymyzy, ýurdumyzyň deňi-taýy bolmadyk gözel tebigatyny gözümiziň göreji deýin gorap saklamak, tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak babatynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler barada täsirli gürrüňleri berdi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan türkmen tebigatymyz baradaky kitaplardan guralan göçme kitap sergisi ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bereketli türkmen topragyndan rejeli peýdalanmak, onuň gözelligini gorap saklamak, ösdürmek we gelejekki nesillere geçirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.