logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TEBIGAT GÖZELLIGIŇ GÖNEZLIGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Tebigat gözelligiň gönezligi» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz ýaş nesillere ata Watanymyzy, ene topragymyzy, ýurdumyzyň deňi-taýy bolmadyk gözel tebigatyny gözümiziň göreji deýin gorap saklamak, tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak babatynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar bereketli türkmen topragyndan rejeli peýdalanmak, onuň gözelligini gorap saklamak, ösdürmek we geljekgi nesillere geçirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.