logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Tebigat gözellik paýlaýar

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaşaýyşyň we sazlaşygyň gözbaşy bolan türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbi barada “Tebigat gözellik paýlaýar” atly söhbetdeşlikli duşuşygy geçirdi.

Kitaphana hünärmenleri tebigaty we agaçlary söýmegi öwredýän gyzykly hekaýalary, tebigatymyzyň gözelliklerini wasp edýän täsirli goşgulary okap bermegi çagalarda has-da daglar, tokaýlar, sähralar barada täsin maglumatlarynyň baýlaşmagyna getirdi. Tebigat - bizi saklaýan we iýmitlendirýän öýümiz. Ony synlamak, öwrenmek we geljekki nesillere arassa saklamak, gowşurmak her bir adamyň borjudyr. Çünki tebigat - bu diňe bizi gurşap alýan agaçlar ýa-da daglar däl, eýsem Bütindünýäde ýaşaýşyň dowam etmegini üpjün edýän, özara berk baglanyşykly älem-jahan ulgamy. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.

Gözel tebigatyň gujagynda, daglardan akýan çeşmeleriň sesine diň salyp tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän ýas nesiller türkmen tebigatynyň asudalygyny, gözelligini sungat derejesine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.