logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan Dabaraly mejlisde öňe goýlan möhüm wezipeler hem-de ýylyň şygaryny giňden wagyz etmek boýunça “Tegelek stolyň” başynda döredijilik işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Tegelek stoluň başynda döredijilik işgärleri bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gazanylan asyrlara barabar ösüşler hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Golaýda 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan Dabaraly mejlisde öňde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler hakynda hem giňişleýin durup geçdiler. Bu gün türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan watanymyzyň ady dünýä dolýar.Söhbetdeşlige gatnaşanlar şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp ähli pudaklarda alnyp barylýan ajaýyp işler, zähmet sowgatlary barada aýtmak bilen söhbetleriniň ahyrynda bizi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.