logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň hem-de XIX asyr azerbaýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde, Arkadag şäherinde dürli medeni çäreler geçirildi. Magtymguly Pyragynyň pederiniň adyny göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatyň dowamynda, kitaphana hünärmenleriň gurnamagynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi, eserleri edebiýat ylmynda orta asyr dilimizi öwrenmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri ýaş nesilleri terbiýelemekde uly mekdep bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, Azerbaýjanyň ussat mugallymy, belli ýazyjysy Seýid Azim Şirwany satiriki goşgularynda we ertekilerinde aň-bilimli, medeniýetli bolmaga çagyrýar. Ussat ýazyjynyň terbiýeçilik ähmiýetli eserleri bu günki gün türkmen edebiýatynda hem öwrenilmäge giň ýollaryň açylandygynyň aýdyň beýanydyr. Azerbaýjan halkynyň medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny öwrenmäge uly orun berilýändigi barada söhbetdeşlikde buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda dost-doganlyk döwletleriň ajaýyp medeniýetini, gymmatly edebiýatyny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.