logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary “Halk Maslahaty – Türkmenistanyň milli demokratiýasynyň aýdyň ýoly” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnadylar. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçiriljekdigi we halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, tekliplerini öwrenip, bagtyýar ýaşaýşymyz üçin möhüm meselelere serediljekdigi dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem Halk maslahatynyň asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirligimiziň, milli demokratik ýörelgelerimiziň aýdyň beýanydygyny belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş eden mugallymlar talyp ýaşlary ylymdan-bilimden paýly, edepli, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmekleri ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.