Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Altyn sümbül» sagaldyş-dynç alyş Merkezinde «Terbiýe ýaşlaryň ýaraşygy» ady bilen kitap sergisini we kitap synyny geçirdi.
Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de ýaşlara terbiýe bermek baradaky öwüt-ündew ähmiýetli edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen sagaldyş-dynç alyş Merkezindäki çagalar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mundan başga-da terbiýe bilen bagly edebiýatlary hem öwrendiler.
Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.