logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TERBIÝELI NESIL-DÖWLETIŇ GELJEGI

Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasyna ýaşuly neslimiz öz agtyklary bilen gezelençde boldular. Olar ýaşajyk kitapsöýüjilere kitabyň ähmiýeti barasynda, gyzykly kitaplary okap berdiler we kitaphanada guralan kitap sergilerine syn etdiler. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimize kitaba bolan söýgüniň artmagyna, kitap bilen dostlugyny berkitmäge, olary ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýeläp, ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly, çuň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmeklerine uly ýardam eder. Şeýle-de okamana ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.