logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

"Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri barada" atly sapagy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, halkymyzyň ruhy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly saklamak, kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, "Kitaphana – rowaçlyklara badalga" atly gurnagy alnyp barylýar. Gurnagyň bu sapagynda Hyzmat ediş bölümi tarapyndan "Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri barada" atly sapagy geçirildi.
Sapagyň dowamynda talyplara resminamalaryň nusgalaryny almak, çap etmek we elektron görnüşe geçirmek hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi düşündirildi. Şeýle hem, “E-kitap” programmasy arkaly zerur edebiýatlary gözlemegiň we olardan peýdalanmagyň usullary görkezildi. Özara sorag-jogaplar bilen dowam eden sapak talyplaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen berkitmeklerine ýardam berdi.
Sapaga gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi hem-de kitaphana hyzmatlaryndan giňden peýdalanmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.