logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TOMAŞA JAÝLARYNDAKY TÄSIRLI ÇYKYŞLAR

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent ruhunda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar üçin medeni çäreleriň baý maksatnamasy taýýarlanyldy. Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar 17-nji sentýabrda Baş akademiki drama teatrynda «Mukaddeslige tagzym» atly sahna oýnuna tomaşa etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly gymmatly eseri esasynda sahnalaşdyrylan bu oýun tomaşaçylar-da ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Eserde enä bolan söýgi Watana bolan söýgi bilen sazlaşyklylykda beýan edilýär.

Teatrlarymyzyň döredijilik toparlarynyň her bir baýramçylyga sowgatly gelmek ýaly asylly däbi bar. Bellemeli zatlaryň ýene biri, olar edebiýatymyzda, sungatymyzda mynasyp yz goýan şahsyýetlerimizi mertebeläp, olar hakda sahna eserlerini döredýärler. Mundan öň olar kompozitor Nury Halmämmedow hem-de meşhur sahna ussady Sabyr Ataýewa hakdaky eserler bilen tomaşaçylary begendirdiler. Golaýda bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda şahyr Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan «Gurbannazar Ezizow» atly sahna oýnuny taýýarladylar. Döwletli geňeşe gatnaşyjylar bu sahna oýnuna hem tomaşa etdiler.

Medeni çäreleriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde guralan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de sirk artistleriniň şowhunly çykyşlary hem bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.