logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TOÝ TOÝLANÝAR MEDENIÝETIŇ ŞANYNA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Toý toýlanýar Medeniýetiň şanyna» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Magtymguly Pyragynyň sözlerine hem-de milli medeniýetimiziň, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny täze belentliklere çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.