Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän baý milli däp-dessurlarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýän toý däpleri barada “Miras” teleýaýlymynyň “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Toý – türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Toý – halkymyzyň şatlygyny, agzybirligini alamatlandyryp sahawatlylygyny, agzybirligini we geçmişe bolan hormatyny açyp görkezýär. Ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlary, adaty gylyk-häsiýetleri we medeni mirasy özünde jemleýän türkmen toýlarynyň toýlanyşy hakynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar dünýä medeniýetiniň ösüşinde ähmiýeti uly bolan türkmen halkyna mahsus milli däp-dessurlarymyzyň asylly ýörelgelerini içgin öwrenmek, olary rejeläp saklamak, geljekki nesillere ýetirmeklik ugrunda beýik işler durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.