logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TOÝLARYŇ MÜBÄREK GARAŞSYZ WATAN!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyñ kitaphana şahamçasynyň guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Toýlaryň mübärek Garaşsyz Watan!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtyna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýän işlere guwanmak, buýsanmak bilen Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekmek her birimiziň borjumyz bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de taryhy döwürde asyrlara barabar işleriň amala aşyrylyp, özüniň oňyn netijelerini berýändigi, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylyp, häzir Türkmenistan ösen, kuwwatly döwlete öwrülýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda öz halkyny täze ygtybarly, sagdyn ýol bilen belentliklere tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.