logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ahalteke bedewiniň buýsançly şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy-da onuň milletimiziň buýsanjynyň suwutnamasydygy barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady we guralan göçme kitap sergisi hem olarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.