logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TOÝUŇ GUTLY BOLSUN-BITARAP WATAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Toýuň gutly bolsun-Bitarap Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk eziz Watanymyzyň geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga uly güýç berýär hem-de milletleriň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge oňyn täsir edýändigi barada beýan etdiler. Bu bolsa Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletde ýaşamak, zähmet çekmek, okamak, döretmek, gurmak uly bagt bolup, şeýle bagtyýarlyga, parahatçylyga buýsanýan türkmen halky hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna uly buýsanç bilen barýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.