logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ TARAPYNDAN SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekili we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) tarapyndan 2025-nji ýylyň 15-16-njy sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen bu çärä Türki Döwletleriň guramasynyň (TDG) agza we synçy döwletleriň wekilleri we syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Häzirki döwürde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklar netijeli häsiýetde ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamlarda we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar barha kämilleşdirilýär.

TDG tarapyndan geçirilen forum ähli ýurtlaryndan gelen syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri üçin örän ähmiýetli boldy.