Şu ýylyň 19-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Andijan – 2026 -Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilen «Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty» atly halkara maslahatyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýew gatnaşdy. Onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu halkara maslahatynda «Türkmenistanyň sungatşynaslygynda döwrebap ylmy gözlegleriň ähmiýeti» atly ylmy makala bilen çykyş edendigini, halkara maslahatynda Özbegistan, Türkiýe, Gazagystan we Gyrgyz Respublikalarynyň sungatşynaslarynyň hem öz ýurtlarynyň sungatlary barada täsirli çykyşlary edendigini belledi. Şeýle hem, halkara maslahatynyň ahyrynda çykyş edenlere Türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-yň diplomynyň gowşurylandygyny buýsanç bilen nygtady.
Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.