13-nji maýda Türkmen žurnalistleriniň Türkiýäniň Trabzon şäheri bilen tanyşdyryş saparynyň çäklerinde, hristian dünýäsiniň keramatly ýerleriniň biri bolan Sumela ybadathanasyna baryp gördüler.
IV asyrda gurlan Sumela ybadathanasy deňiz derejesinden 1200 metre golaý belentlikde, ajaýyp Altyndepe jülgesiniň kert gaýasynda ýerleşýär. Toplumyň täsin ýerde ýerleşmegi hem-de dag gaýasynda gurlan ýaly görünýän binagärlik keşbi bilen syýahatçylary özüne çekýär. Syýahata gatnaşyjylar ybadathananyň taryhy, Wizantiýa döwrüniň ruhy we medeni durmuşyndaky orny hem-de desgany rejelemek we gorap saklamak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdylar.
Şeýle-de žurnalistler Trabzon sebitiniň taryhy künjeginde ýerleşýän Zenanlar ybadathanasyna baryp gördüler we onuň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda XIII asyrda Trapezund imperiýasynyň höküm süren zamanynda gurlan Keramatly Sofiýa ybadathanasy Gara deňziniň kenarýakasynda gurlan ajaýyp ýadygärlikleriň biridir. 1964-nji ýylda muzeýe öwrülen bu bina ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Onuň gaýtalanmajak binagärligi Wizantiýa däplerini ýerli gurluşyk usullary bilen özara utgaşdyrýar. Ybadathananyň içki bezeginde Injil sahnalaryny görkezýän XIII asyryň suratlary saklanyp galypdyr.
Syýahatyň dowamynda žurnalistler «Ortamahelle» atly taryhy ýere ýola düşdüler. «Orta ýaşaýyş toplumy» diýlip tanalýan bu ýer osmanly döwrüniň şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär. «Ortamahellede» şeýle hem Wizantiýa döwründen galan Keramatly Georgiýa ybadathanasy ýerleşýär. Köpasyrlyk taryhy we dini däpleriň dürlüligini beýan edýän bu ybadathana sebitiň taryhy hem-de medeni mirasynyň möhüm ýadygärligi bolup durýar.