logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen alabaýlary – milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Türkmen alabaýlary – milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmen alabaýynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy – medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň we ruhy dünýäsiniň beýanydygy barada şeýle-de Türkmen alabaýy, ahalteke bedewleri we gözel halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan iň uly baýlyklarynyň biridigi, müňýyllyklaryň dowamynda çopanyň iň ýakyn ýardamçysy, öý-ojagyň we mukaddes serhetleriň ygtybarly goragçysy bolandygy, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Türkmen alabaýynyň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýändigi hakynda giňişleýin söhbet edildi.
Çäräniň ahyrynda bolsa bize türkmeniň ata – baba halallyk ýörelgesini dowam etdirmek, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmekde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.