Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý taryhynyň, milli mirasynyň, döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň çuňňur öwrenilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Alabaý–biziň buýsanjymyz. Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplyklary bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip, parasatlylyk bilen bellemegi nesilden-nesle geçip gelýän milli mirasymyza hormat-sarpanyň has-da ýokarydygyny görkezýär. Taryhyň dowamynda türkmen alabaýlary wepadarlygyň, edermenligiň nusgasyny görkezip, halkymyzyň durmuşynda, ruhy dünýäsinde uly orny eýeländigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsinde aýratyn ýer alandygyna dürli ýyllarda arheologik ýadygärliklerden tapylan tapyndylar şaýatlyk edýär.
Ýakynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ,,Türkmen alabaýy wepadarlygyň nyşany” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen baýramçylyk sergisi täsirliligi bilen tapawutlandy. Sergä welaýatyň bilim, medeniýet işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Sergide muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň döreden eserleri hem-de dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan alabaýlaryň heýkeljikleri görkezildi.
Gülälek Batyrowa,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýiniň uly ylmy işgäri.