logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN ALABAÝY HALKYMYZYŇ ÖÇMEJEK GYMMATLYGY

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklary häzirki güne çenli goralyp saklanylýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem özüniň akyllylygy, wepalylygy, düşbiligi bilen bütin dünýäni haýrana goýan türkmen alabaýynyň şan-şöhraty üstinliklere beslenen ýylymyzyň altyn sahypasynda uly orun tutdy. Iň gadymy hem naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde ýurdymyzda alnyp barylýan döwletli işleriň ähmiýeti hakynda şeýle-de ynsanyň ýakyn syrdaş ýoldaşy hasaplanýan türkmen alabaýynyň wepalylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy, barada, onuň ajaýyp keşbiniň sungatda orun tutmagy bilen baglanşykly gyzykly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de, türkmen alabaýynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenen ýyllaryň biridigini ýene bir gezek äşgär edendigi baradaky buýsançly çykyşlar beýan edildi.