Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylarynyň arasynda kitaphanamyzyň okalga otagynda her bellenilýän türkmen alabaýynyň milli baýramyna bagyşlap “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy” – atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirdi.
Türkmen alabaýy özüniň güýçliligi, akyllylygy, çydamlygy we eýesine wepalylygy bilen dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz alabaýlarymyzy sarpalap, gorap saklapdyrlar we nesilden-nesile geçiripdirler. Alabaý türkmen halkynyň durmuşynda gadymy döwürlerden bäri wepalylygyň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň we sak goragçynyň nyşany hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek we olaryň wepadarlygy barada täsirli maglumatlar getirilýär. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere şular dogrusynda giňişleýin gürrüňleri berdi. Guralan göçme kitap sergisi ýaşajyk okyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň baý taryhyna, medeniýetine we milli däplerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.