logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN ALABAÝY WEPALY SYRDAŞ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy wepaly syrdaş» atly sergi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Aslyýetinde türkmen halky ahalteke aty, alabaý iti, arwana düýesi, saryja goýuny, türkmen halysy, dutary bilen dünýä özüni tanatdy. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan türkmen alabaýlary biziň buýsanjymyzdyr.

Serginiň dowamynda «Türkmen alabaýy-halkymyzyň milli gymmatlygy» atly geçirilen sergi kitaphanamyza gelýän okyjylarymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli gurnalan sergisi bilen tanyşdylar. Olary has-da belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milli itçynaslyk düzümini kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarys.