Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlap «Türkmen alabaýy–milli buýsanjymyz» atly duşuşyk geçirdi.Türkmen alabaýynyň adamyň ýalňyzlykda daşynyň goragçysy, wepadar dosty hasaplanylýar. Bilişimiz ýaly il içinde dürli döwürlerde it bilen baglanyşykly nakyllaryň, aýtgylaryň we tymsallaryň ençemesi döräpdir. Olaryň arasynda «Itim bar–gutym bar», «Itiň demi–süňküň emi», «It batyra üýrer–gorkagy ýarar» ýaly nakyllar çuň many-mazmuna eýe. Türkmen alabaýynyň halkymyzyň ruhy dünýäsinde ýer alandygyna arheologik ýadygärliklerden tapylan tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda hem öz aýdyň beýanyny tapypdyr.
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen alabaýynyň baýramy hem-de «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasyýasynyň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam edýänliginiň subutnamasy bolup durýar. Ine bular dogrusynda dabaranyň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar her bir işde şol sanda milli medeni mirasymyzy, alabaý itleri ýaly milli gymmatlyklarymyzy sarpalamakda-da nusgalyk mekdep bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.