logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol–watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni toý, her güni baýram. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda ýaşlaryň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşik sergileri yzygiderli geçirilýär. Şol sergileriň biri hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylda yzygiderli geçirilmesi däp bolan «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisidir. Bu sergi ýaşlaryň sungatda bolan döredijilik ukybyny açyp görkezmäge ullakan mümkinçilik bolup durýar. Sergide bilim ojagymyzda sungatyň ähli ugurlary boýunça ýokary hünär öwrenýän zehinli talyp ýaşlaryň hem-de bilim berýän ussat mugallymlaryň ujypsyz zehininden dörän ajaýyp eserleri görkezilýär. Türkmen alabaýynyň keşbini, gaýduwsyzlygyny, mertligini, ynsana dostlugyny we wepalydygyny wasp edýän sungat eserleri sergä baran tomaşyçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Döredijilik eserleriniň arasyndan Perman Annagylyjowyň «Watan goragynda», Ýazgeldi Ylýasowyň «Türkmeniň alabaýy», Şarapat Mahmudowanyň «Dostluk», Parahat Gapançaýewiň «Türkmen alabaýy», Toýlymyrat Jumamyradowyň «Türkmeniň milli buýsanjy», Laçyn Mydarowanyň «Goragçy», Ogulşirin Amangeldiýewanyň «Türkmen alabaýy», Ylham Aýnazarowyň «Edermen goragçy», Döwletýar Nuryýewiň «Sürüniň goragynda», Serdar Jumaýewiň «Edermen türkmen alabaýy» ýaly ajaýyp eserleri aýratyn tapawutlanýar.

Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň bir topary döredilipdir. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar. Bular dogrusynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde hem beýan edýärler.


Oguljan ANNAMÄMEDOWA

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby