logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Türkmen halkynyň baý medeni mirasy we gymmatlyklary bolup, taryhda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna kämil mirasy peşgeş beripdir. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň gymmaty has tapawutlydyr.

Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylda giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýaş mugallymlaryň we zehinli talyplaryň «Türkmen alabaýy» atly döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň, zergärçilik, halyçylyk keramika ýaly ugurlarynda ýerine ýetirilen türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän döredijilik eserleri barada tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.