logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen alabaýynyň sungatdaky keşbi

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açylan «Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy» atly döredijilik sergisine, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary döredijilik eserleri bilen işjeň gatnaşdylar.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklary häzirki güne çenli goralyp saklanylýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem akyllylygy, wepalylygy bilen dünýäni haýrana goýan türkmen alabaýydyr. Gadymy hem naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, milli buýsanjymyz bolan alabaý itleriniň dünýä derejesindäki ykrarnamasyny has-da berkitdi.
Şeýle taryhy we buýsançly wakalardan ugur alyp, bu sergä göz aýlasak türkmeniň alabaý itlerini diňe bir nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk, grafika sungatynda däl, eýsem, amaly-haşam sungatynda-da görmek bolýar. Nakgaşçylyk hünäri boýunça Agadöwlet Sapargeldiýewiň «Paýtagtyň gözel künjegi», Perman Annagulyýewiň «Wepaly dost», Täzegül Döwletowanyň «Türkmen alabaýy», Gülöwser Hojanepesowanyň «Wepaly türkmen alabaýy» atly eserleri muňa subutnamadyr. Gülöwser Hojanepesowanyň «Wepaly türkmen alabaýy» atly nakgaş eserinde wepalylygyň we asyrlar aşan milli däp-dessurlaryň ruhy näzik äheňde şöhlelendirilýär. Bu nakgaş esere reňk berýän altyn öwüşginli sarymtyl reňkler Garagum sährasynyň tebigatynyň arassa gözelligini göz öňünde janlandyrýar. Türkmeniň ak öýleri bolsa ojak mukaddesliginiň we myhmansöýerligiň nyşanydyr. Bu nakgaş eserinde oba durmuşynda bolup geçýän hakyky wakany açyp görkezýän çagalaryň milli oýny bolan aşyk oýnamak görnüşi, wepaly alabaý bilen bir bitewilikde sazlaşykda jemlenilip, eseriň kalbyňda ýylylyk döredýändigini bellemek gerek. Çünki oýna gyzan çagalaryň buýsançly keşbi eseri synlaýan her bir tomaşaçyda uly täsir galdyrýar.
Heýkeltaraşlyk ugry boýunça Patdyk Patdykowyň «Goragçy», Begenç Öwezowyň «Gaýduwsyz», Söhbet Seýidowyň «Alabaý» atly heýkel eserleri sergä aýratyn öwüşgin berýär. Begenç Öwezowyň «Gaýduwsyz» atly heýkel eserinde türkmen alabaýynyň keşbi görkezilýär. Aýgözel Hojaniýazowanyň «Türkmen alabaýy» atly keramika taslamasynda halkymyzyň taryhy etnografiýasy bilen häzirki zaman durmuşymyzyň berk baglanyşygy görkezilýär.
«Halyçylyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynyň «Dostluk» atly haly eseri, türkmen senediniň kämilligini we wepaly alabaý itleriniň nesil dowamlygyny wasp edýän sungat eseridir. Bu sergidäki her bir eserde ýaş suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň halkymyzyň gymmatlyklaryna we hünärine bolan hormatyny, söýgüsini görmek bolýar.

Jemal MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby.