Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary barha kämilleşdirilýär. Garaşsyz, basky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylykda, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumadamzat ähmiýetli halkara hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli işleri üstünlikli durmuşa geçirýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň–TÜRKSOÝ-yň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreleri biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär.
TÜRKSOÝ-yň guramagynda geçirilýän bäsleşiklere, festiwallara, sergilere, konsertlere Türkmenistanyň artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, suratkeşleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň işjeň gatnaşmaklary hem-de ýeňiji bolmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.
TÜRKSOÝ halkara guramasy hem-de Türkiýäniň «Tiatro» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Stambul şäherinde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň teatr işgärlerini dürli ugurlar boýunça halkara baýraklary bilen sylaglamak dabarasynda «Iň gowy erkek keşbi» hödürnamasy boýunça halkara baýragyna, birnäçe ilhalar keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew mynasyp boldy.
Munuň özi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikleri syýasaty netijesinde Berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýändiginiň, halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasata aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamamsydyr.
Ýurdumyzyň teatrlaryň döredijilik işgärleri milli sungatymyzy ösdürmekde, teatrlaryň döredijilik hazynasyny täze sahna eserleri bilen baýlaşdyrmaga, geçirilýän halkara bäsleşiklerine, festiwallaryna gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp bolmaga döredilip berilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar.
Agamyrat Baltaýew
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy