Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmen bedewi – gözelligiň ajaýyp nusgasy» ady bilen Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň adyndan belli bolşy ýaly şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy bosagamyzda, şeýle-de bedew atlarymyzyň ady ýylymyzyň şygary bilen baglanşykly bolmagy elbetde, türkmen halky üçin bu ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolandygy hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhy ösüş ýolunda ynamdar we ygtybarly ýoldaş hökmünde bedew atlary aýratyn orun tutandygy türkmeniň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinde öz ornuny tapýandygy barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.