Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri «Türkmen bedewiniň waspy» atly söhbetdeşlikde türkmen bedewine degişli bolan milli gymmatlyklarynyň bedew esbaplarynyň sergisini gurnadylar.
Söhbetdeşlige «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, atçynaslar, muzeý işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen atçynaslary türkmen bedewiniň taryhy barada gyzykly maglumatlary beýan etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri esasynda muzeý hünärmenleri şeýle täsirli sergileri edara, kärhanalarda, ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynda dowam etdirýärler. Gurnalýan sergiler ýaşlarda Watana,milli gymmatlyklarmyza bolan söýgini döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: «Abraýly halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar. Monte-Karloda geçirilen 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda gazanylan ajaýyp üstünlik hem ýyndam ahalteke bedewleriniň abraýyny has-da belende göterdi» diýip uly buýsanç bilen belläp geçýär.
Biz, muzeý hünärmenleri, işlemäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlygymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag bolsun,belent başlary aman bolsun,alyp barýan dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!