Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergilenen «Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti» atly sergi gadymy medeniýetimiziň we ruhy baýlygymyzyň aýdyň şöhlesidir. Çünki çydamlylygyň, gözelligiň hem-de wepalylygyň nusgasy bolan ahalteke bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr.
Hormatly Prezidentimiziň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde, türkmen atçylyk sungaty hem-de atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzatyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň we zergärçilik däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegidir.
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanýan kämil gymmatlyklar hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk we dizaýn bölümleriniň zehinli talyplarynyň döreden ajaýyp eserleri bu serginiň baý mazmunyny has-da gözelleşdirýär. Serginiň çäginde Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň ruhuny has-da belende göterdi. Muzeýde gurnalan sergi ýaş nesillerimizde gymmatly milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini we buýsanjy terbiýeleýär.
Aýnur Akynowa,
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň
Medeni aň-bilim işleri bölümi.