logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY BARHA BELENDE GÖTERILÝÄR

TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY BARHA BELENDE GÖTERILÝÄR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynda «Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty barha belende göterilýär» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolmagy, dünýä belli bu topar ýurdumyzda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem taryhy ýeňiş bilen başlamagy, has takygy Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýrakly orunlara mynasyp bolmagy Bitarap, Garaşsyz ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldendigi hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle-de halkara derejede gazanylan ýeňiş mynasybetli Arkadag şäherinde uly dabaranyň bellenilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny pul baýragy bilen sylaglamagy buýsandyryjy wakalaryň biri bolandygy hakynda beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen döwletiniň dünýä ýüzünde giňden tanalmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.