logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ WASP MUKAMLARY!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Türkmen bedewleriniň wasp mukamlary!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkymyzyň ganatly bedewleri, olar hakynda biziň asyrlardan-asyrlara geçip gelen halypa bagşy-sazandalarymyzyň döreden wasp mukamlary bolan “Atçapan”, “Şadilli”, “Göroglynyň at oýnadyşy” ýaly, biziň şan-şöhratly bedewlerimiziň şanyna bagyşlanyp döredilen sazlar, Gahryman Arkadagymyzyň ýazan türkmen halkymyzyň ahal-teke bedewleri barada ýazan ajaýyp eserleri, şeýle hem türkmen bedewleri barada biziň ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserleri hem-de bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň aýdýan ajaýyp aýdymlary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Ajaýyp bedewlerimiz hakynda olaryň dünýä dolan şan-şöhraty barada aýdylan ajaýyp söhbetler bu söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.